Hünärmenler adamlar her gün azyndan iki litr suw içmeli diýýärler, ýöne bu takmynan kesgitleme adamyň ýaşyna, jynsyna we agramyna baglydyr. Awstriýanyň Waterdrop kompaniýasynyň geçiren gözlegi her gün 66 adamyň ýeterlik suw içmeýändigini görkezdi we bu gözleg My Hydration programmasynyň döredilmegine sebäp boldy.
Bu programma bir adamyň her gün näçe suw sarp etmelidigini çaklaýar. Mysal üçin, 20-30 ýaş aralygyndaky ortaça agramly erkekleriň we aýallaryň 2600 ml suw içmeli diýlip çaklanýar. Suwyň mukdary ýaş ulalmagy bilen azalýar, ýöne agramyň artmagy bilen ýokarlanýar, ýöne şeýlede bolsa adam maşk edýän ýa-da gyzgyn howa bolsa has köp suw içmeli. Programmanyň maglumatlaryna görä, 50 ýaşyndaky bir adam takmynan 2220 ml suw içmeli.