Ýakynda Krasnoýarsk sebitinde bir aýynyň agzyna goýaldylan süýt gutusynyň dykylyp galandygy belli boldy. Günleriň birinde onuň özi kömek sorap ýerli ýaşaýjylaryň ýanyna geldi.

Ýöne ýerli ilat, gutynyň onuň diline ilişip galanlygy sebäpli agzyndan çykaryp bilmedi. Paýtagtyň weterinarlary aýyny wagtlaýyn zyýansyzlandyrmak üçin rugsat aldylar we Sibire uçdular.

Aýyny halas ediş toparyna Moskwanyň haýwanat bagynyň weterinar lukmany hem goşuldy. Onuň bilen bilelikde zerur enjamlar we derman serişdeleri Krasnoýarsk sebitine iberildi. Hünärmen haýwany halas etmek üçin birnäçe çäreleri ýerine ýetirer: esasanam ony hökman hereketsizlendirmeli, gutynyň aýyrmaly we ýarany bejermeli bolar.

Aýa kömek etmek üçin ýol düşen hünärmenler tupan sebäpli Norilsk howa menzilinde saklanmaly boldylar.