Ýurtda iki hepdelik ýaşamak we topardaky oýunlaryň birine girmek üçin, iki adama 19 müň dollar tölemeli. Bu pul mukdarynyň içine diňe bir biletler däl, eýsem dört ýyldyzly myhmanhanada ýaşamaklyk, uçuşlar, iýmitlenmek we transferler girýär.
Sekiz final oýunlarynyň biri üçin gezelençler iki adamlyk, dört gije üçin 5,8 müň dollar, çärýek final bolsa bäş gije 6,9 müň dollar.
Weekarym finala bir hepdelik syýahat ep-esli gymmat – iki adama 14,6 müň dollardan başlaýar. Edil şeýle möhletli , final oýuna baryp görmek mümkinçiligi bolan iki adamlyk gezelenç, eýýäm 17 müň dollar bolýar.
Dünýä çempionatynyň oýunlary 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 18-nji dekabry aralygynda meýilleşdirilýär. Syýahatçylyk operatorlary soňky hepdede, bu döwür üçin gezelençlere bolan gyzyklanmanyň artandygyny bellediler.