Dallasdaky Tehas uniwersitetiniň günorta-günbatar lukmançylyk merkeziniň otolaringologiýa – kelle we boýun hirurgiýasy boýunça dosent doktor Hunçžao Szi, gulakda infeksiýalaryň döremeginiň öňüni almagyň iň täsirli usuly – gulagyňyza suw girmeginden goramakdyr diýip nygtaýar.
Eger-de suw gulaga eýýäm giren bolsa, onda ony aýyrmaga kömek etmeli. Ýöne munuň üçin gulak arassalaýan pagtaly çöpleri däl-de, ýörite gulak damjalary ulanmaly.
Umuman, gulagyna suw giren her bir adam,daşky gulak çişmesine sezewar bolup biler. Şeýle-de bolsa, suw hlorlanmadyk ýagdaýynda, töwekgelçilik has ýokarydyr: mysal üçin, derýada ýa-da kölde ýüzen bolsaňyz.
Mundan başga-da, köl suwunda ýüzýän wagtyňyzda meningit, gepatit, beýni iýýän amýoba ýaly infeksiýalary gazanyp bilersiňiz.