Hünärmeniň sözlerine görä, badamjan antioksidantlara baýdyr, bu gök önümlerde badamjana mahsus bolan doýgun reňkine jogap berýän antosýanin ýaly maddalar artykmaçlygy bilen bar. Şol sebäpden baklajan, sowuklama prosesleriniň işjeňligini azaltmak üçin oňat serişdedir.
Mundan başga-da, bu gök önüm gandaky glýukozany durnuklaşdyrmak üçin peýdalydyr. Şeýle hem,ol az kalorili önüm bolup, horlanmaga kömek edýär we şol bir wagtyň özünde ýokumly.
Ýöne allergiýa keselinden ejir çekýänler baklajany seresaplylyk bilen iýmeli – olar hozlar ýaly agyr allergiýa sebäp bolup biler.