Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynyň başyna geçirlýän dabaralar ýurdumyzyň bilim babatyndaky ösüşlerini kesgitleýän ýokary hilli guramaçylykly, edara- kärhanalaryň ählisine degişli bolan bilim sowatlylygynyň şöhlelenmesidir. Her bir adamyň sowatly bolmagy, ýurt ,watan bähbitli işlerde döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanmasyny saglamagy bolsa bu günki gün ýurdumyzda bilime, sowatlylyga goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.Ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw jaýlarynyň içinde ýaş oglan- gyzlaryň buýsançly bilim alýan ýeri bolan Türkmenistanyň Döwlet edergetika instituty hem bu ýyl 25 ýyllyk baýramçylyk dabarasyny bellemek bilen ýurdumyzda iň araýly, öňdebaryjy institutlaryň hatarynda tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary esasynda, Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bieln bilim ulgamynda edilýän işlerde aýratyn sarpalanýan häzirki zaman ösüşlerini sgalaýan innowasiýon özgertmeler esasynda ýurudmyzyň ösüşlerine goşant goşmak, bilim işgärleri bolan biziň, mugallymlaryň hem mukaddes borjydyr.
Tütkmenistanyň Döwlet energetika institutynda häzirki zaman enjamlaşdyrylan enjamlaryň birlikde hereket etmeginde ýaşlaryň hem häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny dolandyrmaga, olary döretmäge we ulanyjynyň ygtybarlylygyny gazanmaga bolan mümkinçiliklerine esaslanmasy bolsa, bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda energetika ulgamyna berýän ünslerini Hormatly Prezidentimiziň dowam etdirmegi bilen gymmatyny artdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ak ýolundan ugur alyp, “Döwlet adam üçindir” diýen şygaryndan ugur alan biziň hem Tütkmenistanyň Döwlet energetika institutymyzda alty sany binalar toplumy, tejribe binasy, okuw binasy, dolandyryş binasy, sport zaly we naharhana binasy şeýle- de talyplar üçin niýetlenen umumy ýaşaýyş jaý binasy bu günki gün häzirki zaman arhitekturasyna laýyklykda iň ýokary döwrebap usullar bilen üpjün edilen.Umumy ýaşaýyş jaýynda talyplara okamak, ýaşamak we dynç almak üçin ähli mmükinçilikler döredilen.Ol ýerde “Galkynyş” otagy bilen bilrikde komputer, dynç alyş, gyzlar üçin tikinçilik otaglary, okalga hem bar.300 orunlyk dabaraly zalda bolsa, bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde bitiren uly işlerini, Hormatly Prezidentimiziň häzirki döwürde alyp barýan parahatçylyk syýasatyny wasp edýän labyzly şygyrlar okalyp, watanymyzy wasp edýän aýdymlar ýaňlanýar. Ruhy galkynyşyň kämil derejesine ýeten halkymyzyň Berkarar döwletimiziň Täze Galkynyşynyň eýýämi wasp edilýär. “Kuwwat” çeper höwesjeňler topary, talypalr topary,sport meýdançalary bolsa, bu günki günüň talyp ýaşlaryndan kem galman, bäsleşiklerde ýeňişli baýraklara mynasyp bolýan ýaşalry taýaýrlaýar. Munuň özi bizi guwandyrýar Tütkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň edara- kärhanalary üçin zerur boaln energetika, senagat, maşyngurluşyk ugurlary boýunça dürli hünärdäki ýokary bilimli injenerler taýýarlanmagy biziň bu günki gün ösen döwrümiziň kämil tehnologiýalar zamanymyzyň buýsançly beýanydyr.Bu günki günde institutymyz häzirki zaman innowasiýon ugurlar boýunça Milanyň politehniki instituty, Seulyň Milli ylym we tehnologiýa uniwersiteti, Kazanyň Döwlet energetika uniwersiteti, YslamKarimow adyndaky Daşkent döwlet tehniki uniwersiteti, Brest döwlet tehniki uniwersiteti bilen bilrikde işleşip, dünýä tejiribesini alyşmak üçin, Hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşykalrynda edýän işlerinden ugur alyp, bu ugurlar boýunça üstünlikli işleri alyp barýar.
Döwletiň syýasatynda ýurduň durnukly ösüşine, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyna, bilim ulgamynyň halkara derejä çykarylmagyna, iň esasysy bolsa, mynasyp ýaş nesliň terbiýelenilmegine möhüm üns berilýär.Bu ýyl bolsa dabaraly çäreleriň bellenilmegi bilen ösüşlere beselen ýurdumyzyň goýnunda ýaşlara innowasiýon bilim bilen öňe gitmeklerini saglaýan ýokary okuw jaýymyzyň döredilmeginiň dabarasy häzirki günlerde bizi diýseň buýsandyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň bilim ulgamynda edilýän işlerde biziň hem ýokary okuw jaýymyzyň goşant goşmagy Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatlarynda üstünlikli işleri amala aşyrmaga goşulýan goşantdygy bizi hem mugallym hökmünde buýsandyrýar.
Begenç Muhammetgeldiýew
Tütkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy

RU












