«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda köp sanly desgalary gurmak meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzy ösdürmek babatynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler durmuş taýdan göz öňünde tutulan ykdysadyýetiň berk binýadyny emele getirýär. Maýa goýumlarynyň uly bölegi önümçilik däl pudaklara gönükdirilýär.
Netijede, dünýä ülňülerine laýyk gelýän durmuş üpjünçilik ulgamynyň desgalarynyň müňlerçesi gurlup ulanmaga berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer başlangyçlarynyň çäklerinde, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 15 ugur boýunça jemi 160 binanyň we desganyň gurluşyk hem-de durkuny täzelemek işleri meýilleşdirilýär.
Hususan-da, welaýatlar babatda Ahal welaýatynda 41 sany binany, Balkan welaýatynda 20 binany, Daşoguz welaýatynda 31 binany, Lebap welaýatynda 43 binany we Mary welaýatynda 25 binany gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem suw geçirijiler, lagym geçirijiler, gaz geçirijiler, awtomobil ýoly, elektrik geçirijiler ýaly beýleki möhüm taslamalar hem durmuşa geçiriler.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmekde telekeçileriň we hususy eýeçiligiň orny artýar. Gurluşyklaryň uly bölegi hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, adam mertebesini has-da belende göterýär. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň saglygyny goramak, ýaşlaryň bilimli, ylymly adamlar bolup ýetişmegini gazanmak, ilatyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmak Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarydyr.
Tumar Annamuhammedowa
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

RU












