XI asyrda ýaşap geçen tanymal türkmen alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly sözlügi diňe bir türkmen diliniň hem edebiýatynyň taryhyny däl, eýsem, tutuş türki halklaryň gadymy mirasyny öwrenmekde ygtybarly çeşmedir. Bu kitapdaky nakyllar, atalar sözleri, halk döredijiliginiň mazmunyndaky goşgy bentleri türkmen diliniň çeperçiliginiň we şahandazlyk sungatymyzyň taryhy köklerine aralaşmaga mümkinçilik berýär.
Kitap üçin maglumatlary ýygnamak işi on bäş ýyl dowam edipdir. Alymlaryň pikirlerine görä, kitap türki halklaryň irki orta asyrdaky durmuşynyň hakyky ensiklopediýasydyr. Onda diňe bir türki diller barada maglumat bolman, eýsem, halklaryň ýaşaýan ýerleriniň geografiýasy, adatlary, pelsepewi düşünjeleri hem beýan edilýär.
Mahmyt Kaşgarlynyň bu ajaýyp eseri gadymy wakalaryň ýatdan aýdylyp, dilden-dile geçip gelen halk döredijilik mirasyny öwrenmekde iň gymmatly çeşmeleriň biridir. Sözlükdäki pähimleri daşary ýurtly alymlaryň onlarçasy içgin öwrenip, ylmy seljeriş işlerini geçiripdirler. Karl Brokkelman ady agzalan sözlüge bagyşlanan bir işinde bu kitapda mysal hökmünde getirilýän pähimleriň 290 sanysyny görkezipdir.
Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly işinde gadymy döwürleriň rowaýatlary-da beýan edilýär. Ömrüniň ençeme ýylyny bu işlere sarp eden alym türki kowumlaryň dillerini, halk döredijiligini, şejere daragtlaryny, taryhyny we özboluşly däp-dessurlaryny çuňňur öwrenipdir.
Sözlükdäki goşgularyň bogun ölçegleri, şygyr setirleriniň sazlaşygy öz döwrüniň dil aýratynlygy taýdan seredeniňde juda kämildir. Alymyň gymmaty egsilmeýän eseri onuň nesillere galdyran bahasyz baýlygydyr.
Orazmyradow Orazmyrat,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.