Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Däp bolup gelşi ýaly her ýylyň 1-nji sentýabrynda “Bilimler we talyp ýaşlar güni”, halkara derejesinde bolsa “Bilimler güni” uly dabara bilen geçirilýär. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli bellenilýän 2022–2023-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň ähli okuw mekdeplerinde baýramçylyk çäreleri gurnalýar. 1-nji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterler sowgat berilýär. Sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy hem bereketli güýz paslynyň ilkinji gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Özüniň ajaýyp bilimler baýramyna bagyşlanan dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan söýgimiziň aýdyň beýany bolar. Bilim almak, hünär öwrenmek, saglygyňa, bedeniňe we ruhy terbiýäňe uly täsiri bar. Bu ýörelge, gadymdan gelýän nusgadyr. Şol ýörelgelerden ugur alnyp, ýaş nesle döwrebap bilim bermek üçin ähli şertler ýöredilýär. Munuň üçin hormatly bagtyýar neslimiziň Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyzyň çägi ýok. Çünki ylym-bilim ulgamyny belent sepgitlere ýetirmek hem-de ylymyň dürli ugurlaryndan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary, ussat hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek döwletiň hemmetaraplaýyn ösüş binýadyny gurýar. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylym-bilime erk edip bilmeklerini gazanmak üçin ähli mümkinçilikler we oňyn şertler döredilýär.
Milli maksatnamalarymyzyň, konsepsiýalarymyzyň we giň gerimli özgertmelerimiziň esasynda bilimiň many-mazmunynyň yzygiderli baýlaşdyrylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň, okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy, täze bilim toplumlarynyň döredilmegi ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagyna, tebigy zehinlerini açmaga, ösdürmäge hem-de olary hemmetaraplaýyn goldamaga giň mümkinçilikleri döredýär. Geçmişiň bütin dowamynda parahatçylygy we ynsanperwerligi ündäp, ylym-bilime, pähim-paýhasa belent sarpa goýup gelýän halkymyzyň bagtyýar nesilleri hökmünde eziz Watanymyza, ajaýyp durmuşymyza guwanmak, beýik geljegimiz üçin tutanýerlik bilen okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, sylag-hormata mynasyp bolmak ýaş nesilleriň belent borjudyr. Gujurly ýaşlar täze okuw ýylynda hem döwlet we halkara derejeleri bäsleşiklerde guwandyryjy netijeleri gazanyp, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny ýene-de belende götermelidir.
Bahar MAGTYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň
mugallymy.