Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bagtyýar we eşretli geljegi, röwşen durmuşy üçin Garaşsyzlygyň esasy güýç, ylham bolup durýandygyny belleýär. Milletimiziň köpasyrlyk agzybirlik, abadançylyk, dost-doganlyk, bir-birege hemaýat etmek ýörelgeleri erkanalyk, özbaşdaklyk ýolunda bedew batly ösüşlere beslenýär. Halkymyzyň jebisligi, agzybirligi, adam hakdaky belent alada bagtyýarlyk döwrümiziň parlak tugudyr.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halky Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, belent maksady — demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek, raýat jemgyýetini gurmak ýoluny saýlap aldy. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özbaşdak ösüşiň röwşen ýoly bilen ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe alyp barýarys. Merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, tebigy baýlyklarymyzy milli we umumadamzat bähbitlerine gönükdirýäris» diýen çuň mazmunly sözleri hormatly Prezidentimiziň baş maksadynyň halkymyzyň asuda durmuşda eşretli ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdygynyň aýdyň beýany bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan tutumly işleriň, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, halkymyzyň, ýurdumyzyň bagtly ykbalynyň gözbaşy bolsa Garaşsyzlykdyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda beýik ösüşler gazanyldy, ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk babatynda netijeli işler amala aşyryldy, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürildi. Şonuň netijesinde, Döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolan adama, onuň bütin dünýäde ykrar edilen hukuklarynyň, azatlyklarynyň berjaý edilmegine hemmetaraplaýyn üns berilýär.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä derejesinde depginli ösýän, ykdysady-syýasy taýdan kuwwatly, durnukly, hemişelik Bitaraplyk daşary syýasatyny ýöredýän, demokratik we dünýewi döwlet hökmünde özüni dünýä ykrar etdirdi. Goý, mähriban halkymyz barada uly aladalary edýän, dünýäde parahatçylygy, asudalygy saklamak ugrunda nusgalyk işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Baýramaly POLAÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 2-nji E we E A hünäriniň talyby.