Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň parahat, asuda, eşretli durmuşda ýaşamagy barada uly aladalar edilýär. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen her ýylyň sentýabr aýynda geçirilip gelinýän ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem işjeň guralmagy munuň aýdyň nyşanydyr.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokary göterilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň çäklerinde döwlet hem-de hususy eýeçilige degişli ulag serişdeleriniň sany artýar. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünleriniň pugta berjaý edilmegine gözegçiligiň güýçlendirilmegini, bu babatda alnyp barylýan düşündiriş işleriniň geriminiň giňeldilmegini talap edýär.

Şeýle möhüm wezipeleriň doly ýerine ýetirilmegi arkaly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, Garaşsyz ýurdumyzda şu gün badalga berlen bu biraýlygyň uly ähmiýeti bar. Çünki şu döwürde, ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri bilen bilelikde, döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda edara-kärhanalarda, ýokary we ýörite orta okuw jaýlarynda, orta mekdeplerde, çagalar baglarynda ýol hereketiniň düzgünleri, olary berjaý etmegiň zerurlygy, ähmiýeti barada ýörite duşuşyklar, okuw maslahatlar, gürrüňdeşlikler geçirilýär. Şeýlelikde, şu biraýlygyň dowamynda ýol hereketine gatnaşýan sürüjileriň, pyýadalaryň, mekdep okuwçylarynyň hüşgärliginiň, seresaplylygynyň ýokarlanmagyna, ýol hereketiniň düzgünleri baradaky düşünjeleriniň artmagyna düýpli ýardam bermek göz öňünde tutulýar.

Elbetde, ýol hereketiniň düzgünleriniň pugta ýerine ýetirilmegi her bir adamdan edilýän derwaýys talapdyr. Şonuň bilen birlikde-de, ol her bir maşgalanyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň kepilidir. Sebäbi ýol-ulag hadysalarynyň maşgalalar, ynsan ömri üçin uly howp bolup durýandygy hemmelere mälim. Şeýle bolansoň, şu biraýlygyň barşynda, ondan soňra hem diňe polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ýa-da jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň däl, eýsem, her bir adamyň bu hakda alada etmegi, geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmagy, olara ýardam bermegi zerurdyr. Bu bolsa rahat, abadan durmuşymyzyň kepilidir.

Güljahan KAKAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji mugallymy