Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň raýatlarynyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Rowaçlyga, uly ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanamyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelerde ýol-ulag düzümini kämilleşdirmäge uly orun degişlidir. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap awtomobil ýollaryny gurmak, ozal hereket edýänleriniň durkuny täzelemek, olara häzirki zaman ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli, maksada okgunly işler alnyp barylýar. Elbetde, amala aşyrylýan şeýle tutumly işler ýurdumyzda ulag logistikasynyň ýokary depginlerde ösmeginde uly ähmiýete eýedir.
Ulag ýollarynyň ýokary derejede döwrebaplaşdyrylmagy, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi ýol hereketinde sazlaşygy üpjün etmäge, şonuň netijesinde hem onuň howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa adam hakynda aladanyň esasy orunda goýulýan zamanasy bolan bagtyýarlyk döwrümizde iň möhüm derwaýyslykdyr. Şeýlelikde, ýol-ulag düzüminiň kämilleşdirilmegi raýatlarymyzyň saglygyny, ömrüni gorap saklamakda hem örän ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiz munuň üçin bize ähli şertleri döredip berýär. Her ýyl «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilmegini we onuň çäklerinde wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işleriniň guralmagyny muňa mysal görkezmek bolar.
Hawa, döwrebap ýollaryň gurulmagy, olarda ýol hereketiniň kadalarynyň doly ýerine ýetirilmegi, adamlaryň oňat ýaşamagy üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň barha rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda hem ýollarymyzda abadançylygyň höküm sürmegini üpjün etmek, hereketiň howpsuzlygyny gazanmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa öz gezeginde ýollarymyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda ýollaryň asudalygy, raýatlaryň abadan durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Seýran AKMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby