Häzirki döwürde ata Watanymyz ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar.
Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatlyklaryny tapgyrlaýyn artdyrmak, strategik taýdan möhüm taslamany — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak, “Bagtyýarlyk” ýatagynyň şertnamalaýyn çäklerinde täze ýataklary ulanmaga girizmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça iri senagat desgalaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa we elektroenergetika pudaklaryna degişli desgalary, harytlyk gazy öndürmek boýunça zawodlary we gaz gysyjy desgalary, her welaýatda gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polisterol, poliwinil hlorid, poliwinil atsetat, metanol, sintetik dokma süýümlerini öndürmek boýunça kärhanalary gurmak göz öňünde tutulýar. Şunda önümçiligiň ekologik ýagdaýyna aýratyn üns berilýär.
Türkmenistan dünýäniň onlarça döwleti, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy.
Wodorod ýangyjynyň, bioýangyjyň, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan nebitgazyň, dürli görnüşli dizel ýangyjynyň, tehniki çalgy ýaglaryň we polipropileniň, şeýle hem gyzdyrylan elektrod koksunyň, ýol we gurluşyk bitumynyň önümçiliklerini ýola goýmak möhüm bolup durýar.
Ýurdumyzda Gün we ýel energiýasyny peýdalanýan tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçiligi mundan beýläk-de ösdüriler, “ýaşyl” energetika tehnologiýalaryna maýa goýumlary özleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Energiýanyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerini öndürmek boýunça hem uly taslamalaryň başy başlandy. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny we bu ýerden «Altyn asyr» Türkmen kölüne uzaýan elektrik geçirijisini gurmak göz öňünde tutulýar. Taslama «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019—2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda alnyp barlyp, bu sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin hem örän ähmiýetlidir.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” tassyklanylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe gitmegine gönükdirilen maksatlara ýetmegiň ýolunda ädilen ähmiýetli ädim boldy.
Abadan BÄŞIMGELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 3-nji NGDSG hünäriniň talyby.

RU












