Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň merkezi edaralarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de maglumat howpsuzlygy bölümleri döredildi. Olaryň iş meýilnamalary tassyklandy. Zerur enjamlary, programma üpjünçiligini ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanda nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak köp babatda ýataklaryň önümliligini ýokarlandyrmagyň, olary işläp geçmegiň netijeli tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmagyň hasabyna üpjün edilýär. Bu ulgamda, şeýle hem daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Daşary ýurtly hem-de türkmen hünärmenleriniň bilelikde, netijeli işlemegi öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam edýär.

Içerki sarp edijilere ýerlenýän tebigy gaz üçin hasaplaşyklary sanly ulgam arkaly nagt däl görnüşde geçirmek, ammarlarda haryt dolanyşygyny sanly ulgam arkaly amala aşyrmak, gaz känleri we gaz guýulary baradaky maglumatlary sanly ulgam arkaly dolandyrmak maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň merkezi edaralarynda Hasaplaşyk merkezi döredildi we «Elektron ammar» programmasy gurnaldy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň merkezi diwanynda «Netije» atly elektron resminama dolanyşygy we resmi web saýty gurnaldy, nebitiň derejesine monitoring arkaly gözegçilik etmek maksady bilen, ölçeýji enjamlaryň gurnama-sazlama işleri ýerine ýetirilýär.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2022-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň merkezi edarasynda «GOLDAW» elektron resminama dolanyşygy ulgamy işe girizildi.

 

Selbi ÇARYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 1-nji NGDSG hünäriniň talyby.