Paýtagtymyz Aşgabatda gysga döwrüň içinde ýol gurluşygy ägirt uly depginlere eýe boldy. Täze köçeler, şaýollardyr köp şahamçaly köprüler guruldy. Ençemesiniň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz ýol-ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar durmuşa geçirilende bu ulgamdaky öňdebaryjy gazananlary täze binagärlik çözgütleri işjeň peýdalanmagyň, ýokary hilli gurluşyk hem-de beýleki serişdeleri giňden ulanmagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekýär. Şunuň esasynda hem paýtagtymyzda ýol-ulag düzümi soňky ýyllarda düýpli täzelenilýär we dünýäniň ösen isleglerini kanagatlandyryp bilýän derejelere getirilýär. Bu bolsa ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.
Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda birnäçe ýyl bäri yzygiderli dowam edip gelýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilýär. Adamyň saglygy onuň başynyň täjine, durmuşynyň göwher gaşyna deňelýär. Saglygy goramagyň esasy şertleriniň, düzgünleriniň biri-de, köçe-ýol hereketini doly we dogry berjaý etmekdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyz bolelin durmuşda abadan we asuda ýaşaýar. Köçelerde we ýollarda awtoulagyň köpelmegi, ulag gatnawlarynyň artmagy, sürüjileriň we pyýadalaryň has ünsli bolmagyny talap edýär. Sürüjiler hem-de ýolagçylar köçe-ýol hereket düzgünlerini doly berjaý etmäge borçludyrlar. Ýollarda we köçelerde hereket howpsuzlygynyň doly üpjün edilmegi üçin herekete gatnaşyjy ulag serişdeleriniň sürüjileriniň iňňän ünsli bolmagy zerurdyr. Köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek diňe bir sürüjilere bagly bolman, eýsem, pyýada ýolagçylara-da köp babatda baglydyr. Pyýadalaryň ýerasty geçelgelerden geçmegi, ýerasty geçelgeleriň ýok ýerinde köçeleriň çatryklaryny kesip geçmeli bolanda, olara ýörite niýetlenen ýerlerden ýol yşyklaryň rugsat beriji duýduryşyna laýyk geçmegi, şeýle-de yşyklaryň ýok ýerinde ýakynlap gelýän awtoulagyň ýoklugyna göz ýetirip geçmekleri möhüm bolup durýar. Mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýanaşyk ýerlerinde, jemgyýetçilik ulaglarynyň, duralgalaryň ýakynynda sürüjilere has seresaply bolmak gerek. Köçeleriň çatryklarynda pyýadalaryň hereketine kada boýunça ýol bermek gerekdir. Şäherlerimizde, obalarymyzda şaýollaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýol hereketini sazlaýjy belgiler, ulaglaryň häzirki zaman hereket tizligini ölçeýji enjamlar bilen üpjün edilmegi hereket howpsuzlygyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen amala aşyrylýan bu ugurdaky beýik işler ata Watanymyzda köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýollarda howpsuz şertleri döretmegi hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly ösüşleriň gazanylýandygynyň aýdyň netijeleridir.
Goý, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin beýik işleri amal edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik bolsun!
Merýem IBRAGIMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji mugallymy