SpaceX kompaniýasy Starlink Kit komplektini daşamak üçin Starlink Travel Case torbasyny hödürledi ol: Starlink hemra antennalary , router, esas we kabelleri daşar.

Torbaň bahasy 250 dollar. Estetiki taýdan, torba Tesla Cybertrucka meňzeýär, ildirilýän kemerler bilen dikligine goýulýar we daşamak üçin goşmaça tutawaçlary bar. Şeýle hem, model gaty korpus aldy, syrma bilen ildirilýär.

Torbanyň ululygy – 64,8×43.2×33,7 sm, agramy – 4,5 kg. Şol bir wagtyň özünde hemme isleg bildirýänler täze önümi satyn alyp bilmez – satyn almak üçin Starlink-de hasaba alynmaly.