20-nji sentýabrda paýtagtymyzda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady. Ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi däbe öwrülen sergi milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny we hususy ulgamyň önümlerini tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýylda hem Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu gözden geçiriliş ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulyşýan Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini, onuň serişdeler kuwwatynyň artýandygyny we geljeginiň uludygyny tutuş dünýä görkezýär.
Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi döwlet we hususy ulgamyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, dünýä bazarlarynda barha giň orun alýan harytlarymyzy we hyzmatlarymyzy, şeýle-de amala aşyrýan taslamalarymyzy Ýer ýüzüne ýaýmaga mümkinçilik berýän ähmiýetli çäredir.