Arkadagly Serdarymyzyň berkarar Watanymyzy berk binýatly, ýokary derejede ösen döwlete öwürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, dünýäde parahatçylyk we dostluk ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen parasatly içeri we daşary syýasaty, düýpli bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha rowaç alýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde milli bilim ulgamynyň hilini hem-de mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyklykda üpjün etmek maksady bilen giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ösen ýurtlaryň tejribesi hem-de ösüşi nazara alnyp, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmekleri, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenilmekleri, täze bilimleri özleşdirmekleri bilen baglanyşykly möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda çagalar baglarynyň, orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň gurulmagy, bilim-terbiýeçilik edaralarynda okuwlary häzirkizaman usullarynda geçmäge mümkinçilik berýän kompýuterleriň, multimediýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, internet ulgamyna birikdirilmegi ýaşlara bilim bermek, hünärmenleri taýýarlamak işini dünýä ölçegleriniň talaplaryna laýyk ýola goýmaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň ýol açýar. Şonuň netijesinde milli bilim ulgamy dünýäniň ösüşine işjeň goşulyşýar. Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara ders bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanýarlar.
Ýaşlara milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmagy, halkymyzyň döreden ajaýyp mirasyny söýmegi, olary gözüň göreji ýaly goramagy öwretmek boýunça alnyp barylýan işler hem oňyn netije berýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlary, «Ile döwlet geler bolsa…», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmen alabaýy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy» ýaly çuň pähim-paýhasa, şeýle-de baý many-mazmuna ýugrulan kitaplary ýaşlar üçin gymmatly gollanmalardyr, ylym-bilim, edep-terbiýe mekdebidir.