Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynyň 1-30-y aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk giňden bellenilip geçilýär. Awtoulaglaryň sanynyň artmagy, köçelerde hereketiň depginiň güýçlenmegini talap edýär. Köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berýaý etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda ýol hereketine gatnaşyjylaryň biri-biri bilen sazlaşykly ýagadaýda bolmagy örän wajypdyr.
Pyýadalaryň köçäni kesip geçenlerinde ýörite bellenen ýerlerden ýöremegi, olar üçin ýerasty geçelgeleriň gurulmagy, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýär. Pyýadalaryň ýollar bilen ugurdaş ýöränlerinde ýanýodalardan ýöremekleri hökmanydyr. Munuň özi sürüjileriň hem-de pyýadalaryň jebislikde ýol herketiniň düzgünlerini berjaý etmekleriniň esasy talabydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan bimöçber işler ýurdumyzyň dünýä möçberindäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny äleme äşgär edýär. Şunlukda, ýurdumyzda her bir alnyp barylýan işleriň umumyadamzat bähbidi esasynda ýerine ýetirilmegi, halkymyzyň abadan, parahat, eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen belent maksatlardan ugur alýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.
Ýurdumyz asuda, ýollarymyz abat, ömrümiz rahat bolsun!
Jeýhun HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.

RU












