Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Olaryň saglygyny goramak maksady bilen köçelerde, ýollarda howpsuzlyk düzgünleriniň doly berjaý edilmegini gazanmak şol işleriň möhüm bölegi bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzda halkymyzyň durmuş şertleriniň has-da gowulanmagy netijesinde, ulag serişdeleriniň hem sany barha artýar. Bu bolsa, ýol hereketiniň düzgünleriniň berk gözegçilikde saklanylmagyny talap edýär. Şoňa görä, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bu ugurda çynlakaý işler alnyp barylýar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini maksat edinmek ählimiziň borjumyz bolup durýar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» şygary bilen her ýyl geçirilýän biraýlygyň esasy maksady, raýatlara ýol hereketiniň düzgünlerini doly-dogry berjaý edilmegi müňlerçe adamlaryň saglygyny, galybersede omrüni saklamaga mümkinçilik berýändigini ýatlatmakdan ybaratdyr.

Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmekde sürüjiler bilen bir hatarda pyýadalar hem uly jogapkärçilik çekýär. Şonuň üçin olar hem ähli ýol hereketiniň düzgünleri berk berjaý etmelidirler. Çagalaryň we ýetginjekleriň ýerasty, ýerüsti pyýada geçelgelerden geçmeklerini üpjün etmek üçin wagyz-nesihat çärelerini we düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmeli.

Ýollarymyz ýolyşyklar hem-de dürli ýol görkeziji belgiler bilen doly üpjün edilen. Ol belgileri gowy öwrenmek, bilmek biziň her birimizi ýol hadysalardan gorar. Şonuň üçin biz, köçe ýol hadysalaryndan ägä bolmalydyrys. Sagdyn bolmak biziň geljegimizi gülleder!

Köçe-ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünlerini bilmek ählimiziň borjumyzdyr.

 Resulberdi WELMIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby.