Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilýän Kararlardyr Permanlar il-ýurt bähbidine, raýatlaryň çekýän halal zähmetleriniň hözirini görüp, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirýär. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketine bagyşlanyp geçirilýän bir aýlygyň yglan edilmegi-de, şol adalardan gözbaş alýar.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki ýollarda ulag serişdeleriniň kadaly gatnawyny gazanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Çatryklarda ulag serişdeleriniň sazlaşykly hereketini üpjün edýän ýol yşyklandyryjylaryň has kämil derjede bolmagy, yşyklaryň çalyşmagynyň wagtyny görkezip durmagy sürüjiler üçin has oňaýly bolup durýar. Şunuň bilen birlikde köçeleriň çatrygynda öwrüm etmek üçin döredilen goşmaça ýollar hereketiň kadalylygyny gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Ýol belgileriniň goýulmagy, sürüjileriň awtoulag serişdelerini talabalaýyk dolandyrmagynda, ýollaryň haýsy ugurlara barýandygyny salgy bermekde, köçe hereketiniň sazlaşykly bolmagyna ýardam berýär.
Ýol hereketiniň howpsuzlygy diňe bir awtoulaglaryň talabalaýyk hereket etmegini talap etmän, eýsem, pyýada ýolagçylara hem doly derejede degişlidir.
Begençmuhammet SERDARMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.

RU












