Astronawtlar bir gün asteroid topragynda ösdürilip ýetişdirilen gök önümler bilen naharlanyp bilerler. Iň bolmanda, şeýle mümkinçilikleri alymlaryň täze gözlegleri açýar.
Alymlar torf mohynda we emeli asteroid topragynyň garyndysynda romen otuny, çili burçuny we gülgüne turp ösdürip ýetişdirmegi başardylar. Mundan öň gözlegçiler Aý topragynda hasyl ösdürip ýetişdirmegi başardylar. Indi bolsa olar uglerodly kondritlere ünsi jemleýärler. Olar suw, azot, kaliý we fosfor – esasy iýmit maddalaryna baýdyr.
Torf mohy bolsa topragy ýumşadýar we suwuň saklanmagyny gowulandyrýar. Şeýle garyndylaryň hemmesinde ösümlikler gowy ösdi.
Tagangylyjowa Aýperi ,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniñ 5-nji ýyl talyby.