Aý adamlar üçin myhmansöýer ýerlerden däldir. Ol ýerde ýokary derejede temperaturalaryň üýtgäp durmaklygy gözegçilik edilýär: gije -173 ° C-den gündiz wagtynda +127° C çenli. Ýöne şeýle-de bolsa, Los Anželesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlar topary, temperaturasy amatly 17 gradus Selsiýada töwereginde üýtgäp durýan Aýda gowaklary tapdylar.

Aýdaky çukurlar ilkinji gezek 2009-njy ýylda alymlar tarapyndan açyldy. Şondan bäri bu deşikleriň gizlenýän ýer hökmünde ulanylyp bilinjek gowaklara eltýändigi ýa-da ýokdugy barada gyzyklandylar. Görnüşi ýaly, açylan 200-den gowrak gowagyň takmynan 16-sy ýykylan lawa topbaklarynyň bolmagy ähtimallygy bardyr

Alymlar şeýle deşigiň çuňlugynda has uly gowak bar bolsa, onda ol ýerde aýdaky bütin bir günüň dowamynda bir derejeden hem pes üýtgeýän, tutuş uzynlygy boýunça amatly temperaturanyň saklanyp biljekdigini bellediler. Bu adamlara goranmaklyk üçin ajaýyp ýer bolup biler.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby Öwezmyradowa Bägül