Analitik kompaniýa Statcounter näçe ulanyjynyň Internet Explorer brauzerini ulanmagyny dowam etdirýändigini anyklady.

Statistikalara görä, bu “gadymy” brauzer 2022-nji ýylyň iýul aýynda ulanyjylaryň 0,75% -i tarapyndan gurnaldy.  Analitikler, Internet Explorer-iň paýynyň ilkinji gezek 1% -den az bolandygyny bellediler.

Deňeşdirmek üçin Statcounter beýleki brauzerleriň maglumatlaryny görkezdi.  Şeýlelik bilen, birinji ýerde Google Chrome – 66,19%, ikinji ýerde “Eksploreriň”  ýerine gelen Microsoft Edge – 10,84%, üçünji ýer Safari – 8,94%, dördünji orunda Firefox – 8.08% we Opera – 3.06%.

Aşyr AŞYROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agroekologiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby.