Berkarar döwletimiziň ýol-ulag ulgamyny dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen üpjün etmegi hem halk bähbitli işleriň barha rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzda, şeýle-de, welaýatlarda täze gurulýan awtomobil ýollary, aýlawly köprüler, durky düýp göter täzelenen iki taraplaýyn köçeler – bularyň ählisi ýurdumyzyň ilatynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ilatynyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy netijesinde ýurdumyzda ulaglaryň sany barha artýar. Bu bolsa ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine has-da jogapkärçilikli çemeleşmegi talap edýär. Şu maksatlardan ugur alnyp, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy –

ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk giň gerim bilen geçirilýär. Ýurdumyzda ulaglaryň sanynyň artmagy, köçelerde hereketiň depgininiň güýçlenmegi bilen ýol hereketine gatnaşyjylara bildirilýän talaplar hem güýçlenýär. Ýol hereketiniň kadalarynyň talaplaryny berjaý etmeklige diňe bir sürüjiler borçly bolman, eýsem pyýadalar we ýolagçylar hem borçludyrlar. Sebäbi ýol hereketiniň howpsuzlygy biziň her birimize baglydyr!

Kakamyrat ÇOMAKOWA,

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Inžiner mehanika fakultetiniň talyby