Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde amala aşyrylýan giň möçberli gurluşyk işleri ýurdumyzyň ähli küjeklerini gurşap aldy. Gurulýan desgalaryň arasynda oklaw ýaly göni hem giň ýollaryň tutýan orny barha artýar. Täze gurulýan döwrebap ýollar ýurdumyzyň bezegine öwrülýär. Her ýylyň sentýabr aýynyň 1-30-y aralygynda geçirilmegi däbe öwrülen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň howpsuzlygynyň umumymilli çäresi hem eziz Diýarymyzda ynsan hakyndaky aladanyň, onuň ygtybarly goraglylygynyň has-da pugtalanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu bir aýlygyň dowamynda ýurdumyzyň ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklary hem yzygiderli geçirilýär.
Şeýle giň gerimli, adamlaryň ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýän çäreler halk arasynda oňyn seslenme tapýar. Çünki ýollaryň sazlaşykly hereketi ähli sürüjileriň hem-de pyýadalaryň, umuman, ýol hereketine gatnaşýan her bir adamyň saglygynyň, rahatlygynyň kepilidir. Ýurdumyzda ynsan saglygyny, howpsuzlygyny gorapsaklamak üçin ägirt uly tagallalar edilýär. Köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi diňe bir gulluklara bagly bolman, eýsem, her bir adamyň hökmany ýerine ýetirmeli borjy bolup durýar.
Ýol çekmek, köpri gurmak ata-babalarymyzdan gaýdýan asylly däplerimiziň biri. Biziň halkymyz ýola uly mukadesslik hökmünde garaýar. Ýoluň arassa saklanylmalydygy, köpüň ýöreýän ýeriniň mukaddes saýylýandygy nygtalýar. Şeýle ak ýollarda hereket howpsuzlygyny gazanmak we ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr.
Oraz NURLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.

RU












