Günsaýyn gözelleşýän, ösýän ata Watanymyz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem ähli ulgamlarda döwrebap özgerişleri başdan geçirýär. Ýurdumyzyň etrapdyr şäherleriniň, obadyr şäherçeleriniň durky barha gözel görke beslenip, täze binalardyr desgalar bilen birlikde, aýna ýaly tekiz awtoulag ýollarynyň gurluşygy hem giň gerime eýe bolýar. Elbetde, şol ýollarda sürüjileriň we pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm wezipedir. Şol esasdan hem «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna birnäçe üýtgetmeler girizilip, onuň 4-nji maddasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ýörelgeleriniň şu aşakdakylardygy görkezilýär:

— ýol hereketine gatnaşýan adamlaryň janynyň we saglygynyň hojalyk işiniň ykdysady netijelerinden ileri tutulmagy;

— ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin döwletiň jogapkärçiliginiň ýol hereketine gatnaşýan adamlaryň jogapkärçiliginden ileri tutulmagy;

— ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde raýatlaryň, jemgyýetiň we döwletiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegi;

— ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde işe ýörite maksatnamalaýyn çemeleşilmegi;

— Türkmenistanda ulanylmagy hereket edýän standartlar bilen düzgünleşdirilen tehniki serişdeleri we gurluşlary toplumlaýyn ulanmak;

— ýol hereketiniň howpsuzlygynyň derejesini peseltmegiň hasabyna ýollaryň geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak ýa-da beýleki maksatlar üçin ýol hereketiniň guralyşynda üýtgetmeleriň girizilmegine ýol bermezlik.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerime eýe bolýan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýurdumyzyň ähli künjeginde ýokary guramaçylyk bilen geçirilýär. Ýol hereketine gatnaşýan sürüjileriň we pyýadalaryň hereketiň sazlaşygyny saklamakda düşünjeleriniň artmagyna, jogapkärçiliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýän biraýlyk hormatly Prezidentimiziň jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny we howpsuzlygyny goramakda döwlet derejesinde edýän aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.

Goý, bagta sary uzap barýan aýna ýaly tekiz hem giň ýollarymyz hemişe asuda bolsun! Agzybir halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ynsan saglygy hakynda bimöçber aladalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun!

Begenç ANNAGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň mugallymy