Ýol hereketiniň howpsuzlygy ýer ýüzünde öňde durýan meseleleriň biridir. Biziň ýurdumyzda hem bu meselä çynlakaý çemeleşilýär. Eziz Diýarymyzda ulag serişdeleriniň sanynyň artmagy, bir tarapdan, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulaşyp, döwletiň ykdysadyýetiniň ösýändigini görkezse-de, ikinji tarapdan ýollarymyzda hüşgärligi artdyryp, ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmegi talap edýär.
2012-nji ýylda kabul edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu babatda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şu Kanun esasynda bu ulgama degişli ýörite milli Maksatnama işlenilip düzüldi. Ol halkara talaplara hem doly laýyk gelýär. Ýol-ulag hadysalarynyň köpüsiniň çagalar bilen baglanyşykly bolýandygy sebäpli, BMG-niň Çagalar gaznasy bu babatda aýratyn ynjalyksyzlandyrma bildirýär. Bu gurama ähli döwletleri ýol howpsuzlygynyň ösüş maksatnamasyna girmäge çagyrdy. Sebäbi çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek Çagalaryň hukuklary baradaky Konwensiýada berkidilen çagalaryň esasy hukuklarynyň biri bolup durýar. Hut şonuň üçin-de, biziň ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly geçirilýän bu biraýlyk çäreleriň dowamynda esasy işler mekdeplerde, çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda geçirilýär.
Begmuhammet ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.

RU












