Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ähli babatda yzygiderli ösüşleri gazanýar we aýdyň maksatlar bilen ösüşleriň täze belentliklerine galýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň alty aýynda ýurdumyzda 30 sany iri desganyň, 322 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda umumy bahasy 900 million manada golaý, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanmaga berildi. Şunda birnäçe senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki binalar ulanmaga berildi. Senagat we durmuş maksatly ençeme desgalaryň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki wagtda umumy bahasy ABŞ-nyň 38 milliard dollaryndan gowrak bolan 2 müň 900 töweregi iri desganyň gurluşygy dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz dürli maksatly desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýyna, täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, edara binalarynyň, senagat desgalarynyň taslamalaryna yzygiderli üns berýär. Olaryň arasynda 17 müň 836 öýden ybarat bolan 107 müňden gowrak ýaşaýja niýetlenen «Aşgabat-sitini» aýratyn bellemek bolar. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen Aşgabat ösüşiň täze tapgyryna, öz taryhynyň sanly tehnologiýalar döwrüne gadam goýup, innowasiýalaryň, ýokary şäher medeniýetiniň, maýa goýum işjeňliginiň, syýahatçylygyň paýtagtyna, häzirki zaman dünýäsiniň «akylly» megapolisine öwrüler. Şeýlelikde, ak mermere beslenen Aşgabat diňe bir owadan, ýaşamak üçin oňaýly şäher bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ylmyň soňky gazananlaryny, dünýäniň ösen smart tehnologiýalaryny özünde jemleýän döwrebap şäher hökmünde şugla saçar.

Bu günki gün paýtagtymyzy ösdürmegiň ençeme tapgyrlarynda gurlup ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar, sport, söwda merkezleri halkymyza hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary arkaly bina ediljek «Aşgabat-siti» ylmyň, tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryny özünde jemlemek bilen, diňe bir sebitiň däl, eýsem, dünýäniň nusgalyk şäherine öwrüler.

Nurgeldi KULYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Okuw bölüminiň önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy.