Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy tutuş halkymyzyň kalbyna egsilmez buýsanç, çäksiz guwanç duýgularyny çaýdy. Taryhyň gatlaryna ser salanymyzda ujypsyz möhlet ýaly bolup görünýän Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata Watanymyzda amala aşyrylan ägirt uly işler, ýetilen sepgitler, geçilen ösüşli ýollar asyrlara barabar ölçegler bilen ölçenmäge laýykdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem, halkara giňişliginde ýerine ýetirilen işler, gazanylan netijeler sanardan köpdür. Häzirki günlerde ata Watanymyzyň ýeten sepgitlerine nazar aýlanymyzda, ýurdumyzda senagatyň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, oba hojalyk, söwda, ulag-logistika, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň, gazanylýan ösüşleriň şaýady bolýarys. Günsaýyn gözelleşip, ajaýyp keşbe girip, «Aziýanyň merjeni» diýip at alan, ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz Aşgabadyň we beýleki şäherlerdir obalarymyzyň durkuny synlanlaryň her biri Garaşsyzlyga eýe bolup galkynan halkymyzyň bir supranyň başyna jemlenip, bir döwlete gulluk edip, beýik işleri amala aşyrýandygyna aýdyň göz ýetirýär.

Şu ýerde möhüm bir zady aýratyn belläp geçmek juda ýerlikli bolsa gerek. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýerine ýetirilen işleriň, durmuşa ornaşdyrylan özgertmeleriň hemmesi halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolan Gahryman Arkadagymyzyň gije-gündiz çeken ýadawsyz zähmeti, taýsyz tagallalary bilen amala aşdy. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni baş şygara öwrüp, ähli aýdanlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň oňyn netijeleri täze döwürde Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilýän miweleridir.

Garaşsyzlyk diýen mukaddes düşünjä bir sözlem bilen jogap bermeli bolanda, Magtymguly Pyragynyň çoh garaşan ajap eýýam baradaky arzuwy wysal boldy diýmek bolar. Şu mukaddes ýörelgeden ugur alyp, abadan durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk toýuny jebislikde toýlady.

Mähriban halkymyzy beýik ösüşleriň röwşen ýolundan öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Yslam TYLLANUROW,

 Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň uly mugallymy