27-nji sentýabrda Aşgabatdaky Döwlet münberi toplumynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Münberde Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar.
Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň ýörişe doly taýýarlygy hakyndaky hasabatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow harby ýörişe başlamaga rugsat berdi. Däp bolşy ýaly, ýörişiň dowamynda ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny üpjün etmäge niýetlenen häzirki zaman ýerüsti, howa uçar tehnikalary we ýaraglar görkezildi. Harby düzümleriň esgerleri bolsa öz ukyp-başarnyklaryny, nyzam emellerini ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygyny görkezdiler.
Soňra mele reňkli, şaý-sepler bilen bezelen ajaýyp ahalteke bedewi meýdança çykaryldy. Berkararlyk we Gülnahal diýen atlaryň neslinden bolan meşhur Pereňiň ugruna degişli ajaýyp Dowamat atly bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanyna egindeşleri tarapyndan sowgat berildi.
Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatynyň harby gözden geçirilişinden soňra, meýdançada ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini açyp görkezýän awtoulaglaryň toparlary peýda boldy. Münberden ýaňlanan waspnamalar ajaýyp öwüşginli dabaraly ýöriş bilen utgaşdy. Bu ýerde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýerine ýetirilen işler we gazanylan üstünlikler barada özboluşly «hasabat» berdiler.
Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky toý dabaralary watançylyk mazmunly aýdym-sazly tans çykyşy bilen tamamlandy.

RU












