LG kompaniýasy telewizorlar önümçiliginde üýtgeşik täzelikler bilen haýran galdyrmagy dowam etdirýär. Birnäçe ýyl mundan ozal ol ilkinji öwrülýän telewizor bilen tanyşdyrdy, indi bolsa titreýän ekranly görnüşini görkezmek kararyna geldi.
Şeýle adaty bolmadyk şekil bilen, telewizor ses çykarýar. Şol bir wagtyň özünde enjamyň ekranynyň ululygy haýran galdyrýar – 97 dýuým. Ekran OLED tehnologiýasy boýunça işlenip düzüldi we enjamyň özi OLED.EX. ady aldy.
OLED.EX-iň, nusgawy OLED telewizorlaryndan 30% has ýagtydygy habar berildi. Bu wodorod bilen deňeşdirilende has çylşyrymly ýadrosy bolan wodorodyň agyr izotopy – deýteriý birleşmelerini ulanmak arkaly gazanyldy.
Häzirki wagtda täzeligiň näçe bahadan satyljakdygy entek belli däl. Emma deňeşdirilende, 97 dýuým displeýli we titreýän ekrany bolmadyk modelleriň bahasy 25 000 dollar töwerekdir.