Ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde mähriban arkadagymyz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Şol sanda Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bilen duşyşyk geçirdi. Duşuşygyň çäklerinde dostlukly gatnaşyklary saklaýan iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere seretdiler. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň kanunçylygynyň milli däp-dessurlarymyza, ahlak ýörelgelerimize esaslanýandygyny bellemek bilen türkmen halkynyň asylly däpleriniň ählumumy ykrar edilen halkara ölçegler, kadalar bilen utgaşdyrylýandygyna ünsi çekdi. Hormatly Arkadagymyz parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda birnäçe teklipler berdi. olar birinjiden, Parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmeli, ikinjiden, ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklaryny döretmeli, ony netijeli ulanmaly, üçünjiden, parlamentara gatnaşyklarda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmaly, dördünjiden, parlamentara hyzmatdaşlykda durnukly ösüşi gazanmak ýaly teklipler. Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parlament diplomatiýasyny ösdürmek boýunça öňe süren tekliplerini hemmetaraplaýyn, doly goldaýandygyny aýtdy. Munuň özi netijeli häsiýete eýe bolýan kanunçylyk babatdaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirer.
Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygyny hem-de häzirki wagtda bütin dünýäde bu tebigy baýlyga uly isleg bildirilýändigini nygtap, Ýaponiýanyň hem bu ugurda türkmen tarapy bilen gatnaşyklarymyzyň gerimini giňeltmäge isleg bildirýändiklerini aýtdy. Şeýle hyzmatdaşlyk iki ýurduň üçin hem özara bähbitli bolmak bilen, ykdysady babatda hem ösüşlere beslener.
Häzirki wagtda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigini türkmen ýaşlarynyň ýapon dilini içgin öwrenmekleri, ýurdumyzyň 6-y ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dili kafedralarynyň hereket edýänligi aýdyň subutnamasy bolup durýar. Diňe gözel paýtagtymyzyň özünde 12 sany ýapon dilini çuňlaşdyryp öwretýän mekdepler hereket edýär.
Hormatly Arkadagymyzyň şeýle netijeli duşuşyklary geçirimegi iki ýurduň arasyndaky dost-doganlykly, ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine uly ynam döredýär. Şeýle-de Mähriban Arkadagymyz Hosoda Hiroýukini özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Begenç NURALYÝEW,

RU












