Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna gözegçilik edýän ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýeri kesgitlenildi.
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanyşdyrdylar. Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde bina ediljek metjidiň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalary hem-de çyzgylary synlap, türkmen halkynyň asylly ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan ähli gurluşyk işleriniň häzirki zamanyň ösen talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy metjidiň gurluşygyna, onuň mährabynyň ýerleşjek ýerini kesgitlemäge dini wekilleri hem-de il sylagly ýaşulular bilen maslahatlaşyp başlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Ýakynda ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň Ýaponiýada iş saparynda bolandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň gurluşyk-binagärlik babatda ösen tejribesiniň, şeýle-de ylmyň gazananlarynyň we bu ugur boýunça sanly ulgamyň Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygynda işjeň ulanylmagynyň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem öňden bellenişi ýaly 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkezinde täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýerinde toý sadakasyny berdi. Täze merkezde metjidiň guruljak ýeriniň kesgitlenmeginiň hormatyna berlen toý sadakasy hormatly Arkadagymyzyň täze ýazan kitaplary üçin düşen galam hakynyň serişdeleriniň hasabyna geçirildi.
Ýakup Taýlyýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň mugallymy

RU












