5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada gezekli-gezegine hasabat berdiler. Hususan-da, Ýaragly Güýçleriň degişli düzümlerinde harby okuw-türgenleşik işlerine taýýarlyk, şol sanda guryýer, harby-howa we harby-deňiz goşunlarynda alnyp barylýan tälim beriş, türgenleşik çäreleriniň netijeleri, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň netijeleri, onuň çäklerinde durmuşa geçirilen çäreler barada habar berildi.

Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy hasabatlary diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň wezipelerini üstünlikli çözmek, döwletimiziň konstitusion gurluşyny we çäk bitewüligini goramak, jemgyýetimizde parahatçylygy, asudalygy üpjün etmek maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň utgaşykly işini ýola goýmagyň  wajypdygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde döwlet häkimiýeti, ýerli ýerine ýetiriji hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan kanunlaryň we  kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini güýçlendirmek barada görkezme berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kabul edilýän çözgütleriň degişli derejede ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, hukuk goraýjy edaralaryň işine häzirki zaman tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini aýtdy. Häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmagyň täsirli görnüşlerini, usullaryny ulanmagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň hem-de syýasy taýýarlygyny kämilleşdirmegiň zerurdygy barada belläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany mejlisiň jemini jemläp, Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna pugta eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny belledi. “Şoňa görä-de, şu maksatlara esaslanyp kabul edilen Harby doktrinamyz hem diňe goranyş häsiýetine eýedir. Biz harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerini mundan beýläk-de yzygiderli döwrebaplaşdyrarys, ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris” diýip, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy belledi.

Wepa Annameredow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň talyby