Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji oktýabrda Ahal welaýatynyň gurulýan dolandyryş merkeziniň çäklerine geldi hem-de täze şäheriň häkimi Şamuhammet Durdylyýew we sebit merkezini gurmak baradaky Döwlet komitetiniň ýolbaşçysy Derýageldi Orazow bilen metjit gurmak üçin ýer kesgitledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow guruljak metjidiň binagärlik taslamalarynyň görnüşleri, onuň daşky hem-de içki bezegleriniň şekilleri, ýanaşyk ýerleriniň meýilleşdirilişi bilen tanyşdy. Bu baradaky wideoreportaž türkmen teleýaýlymlarynyň täzelikleriniň agşamky goýberilişinde görkezildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy metjidi gurmagyň käbir meseleleri boýunça din wekilleri we ýaşulylar bilen maslahatlaşmagy teklip etdi hem-de umuman, adamlary ruhy taýdan özüne çekjek ýer boljak desgany ýokary hilli bina etmek boýunça görkezmeleri berdi.
Ýolbaşçylar bilen söhbetdeşlikde Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda türkmen wekilýetiniň Tokio bolan iş saparyny ýatlap, täze dolandyryş merkezinde şähergurluşyk ulgamynda hem-de ýokary tehnologiýalar ulanmak arkaly durmuş gurşawyny guramakda Ýaponiýanyň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny peýdalanyp boljakdygyny belledi.

RU












