Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Täjigistan Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklara uly üns berýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. “Ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça teklipdir başlangyçlary goldaýarys, dostlukly gatnaşyklarymyzy ösdürmäge Siziň aýratyn üns berýändigiňizi hem-de ägirt uly goşant goşýandygyňyzy aýratyn bellemek isleýärin” diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.
Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglygy, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlygy, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

RU












