6-njy oktýabrda — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralandy. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Bu gün — pajygaly Aşgabat ýertitremesiniň 74 ýyllygynda 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde şehit bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralaýarys. Tebigy betbagtçylyk 170 müňden gowrak adamyň ömür tanapyny kesdi, türkmen paýtagtyny weýran etdi. Şol pajygaly wakadan bäri näçe ýyl geçse-de, mähribanlary hem-de ýakynlary baradaky hakyda nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşaýar, ýitgileriň yzasy hiç haçan aýrylmaýar.

Ir bilen ildeşlerimiziň müňlerçesi paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän hem-de gaýduwsyz gahrymanlara uly sarpa, türkmen halkynyň öz geçmişine hormat goýmagynyň özboluşly nyşany bolup durýan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna geldiler.

Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül çemenini goýdy.

Çäräniň dowamynda Serdar Berdimuhamedow faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine güýz gülleriniň çemenlerini goýdy.

Soňra Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimi gül desselerini goýdular.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi gurban bolanlaryň hatyrasyna tebärek çykdy.