Aziýanyň ösüş bankynyň dolandyryjylar geňeşi guramanyň täze prezidentini saýladylar. Bu wezipä Ýaponiýanyň premýer-ministriniň maliýe meseleleri boýunça orunbasary Masasugu Asakawa saýlandy. Bu barada «Sinhua» agentligi habar berýär.
«Halkara maliýe meselelerinde jenap Asakawanyň baý we köptaraply tejribesi AÖB Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde abadan hem durnukly konsepsiýany durmuşa geçirmäge ýardam eder» diýip, Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Hon Nam Gi belledi.
AÖB-niň täze ýolbaşçysy 2020-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda wezipesine girişer.

RU












