5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz türkmen döwletinde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň Harby doktrinasynyň wezipelerini üstünlikli çözmek, döwletimiziň konstitusion gurluşyny we çäk bitewüligini goramak, jemgyýetimizde parahatçylygy, asudalygy üpjün etmek maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň utgaşykly işini ýola goýmagyň wajypdygyny belledi.
Mejlisiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäk bitewüligini gorap saklamak, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak ýörelgeleri esasyndaky döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi.