Tehnologiýa öňki wagtlarda kän ýörgünli ulgam däldi. Poçta bölümi iň gadymy aragatnaşyk guramalarynyň biridir. Mundan 50 ýyl ozal poçta arkaly adamlar birek-biregden habar tutýardylar. Adamlar poçta bölümi arkaly beýleki halklar we ýerler bilen köpden bäri aragatnaşyk saklapdyrlar. Poçta bu dünýäniň beýleki ýerleriniň we sebitleriniň ýaşaýjylarynyň arasynda iň gadymy we iň giň ýaýran aragatnaşyk görnüşidir. Hatda II Jahan urşy ýyllarynda hem ýenişimizi poçta arkaly habar beripdirler.
Her ýylyň 9-njy oktýabrynda Bütindünýä poçta birleşiginiň döredilen güni Bütindünýä poçta güni (World Post Day) bellenilýär. Bu birleşik 1874-nji ýylda Şweýsariýanyň paýtagty Bernde döredildi. Bütindünýä poçta gününi geçirmek barada habar 1969-njy ýylda Tokioda geçirilen BPB-niň Kongresinda yglan edildi. Birleşik BMG-nyň bütindünýä we halkara günleriniň sanawyna girýär, dünýäde poçta hyzmatyny wagyz etmäge-de hem-de ösdürmäge ýardam etmäge niýetlenendir.
Bütindünýä poçta birleşiginiň agzasy bolan “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy döwletiň poçta operatory hökmünde çykyş edýär. Bu bolsa gysga wagtda ýollamalary ugratmaga we almaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeginde “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerinde 2000-den gowrak adam zähmet çekýär. Olar hatlaryň we döwürleýin neşirleriň ilata wagtynda gowşurylmagyny üpjün edýär.
Geldiýewa Ogulşirin
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby

RU












