Türkmen halkynyň ruhy sütüniniň müň öwüşginli almaz täjine deňelen Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki watançylyk we parahatçylyk söýüjilik ýaly ajaýyp häsiýetleriň waspy asyrlardan aşyp, biziň bagtyýarlyga beslenen döwrümize öz mizemez ruhy tereňligi bilen gelip ýetipdir. Onuň döredijiliginde watançylyk häsiýetli eserleriň ajaýyp nusgalary uly orun tutýar. Bu eserler halk köpçüliginiň arasynda giňden ýaýrapdyr. Şahyryň eserlerinde il-halky söýmek, onuň bähbidi ugrunda göreşmek, Watana wepaly bolmak aýratyn ähmiýetli orna eýedir.
Häzirki wagtda türkmen alymlary we edebiýatçylary Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenmekde uly işler alyp barýarlar. Şahyryň: «Aňla sözüm, ner zarbyny ner tanar, Eý ýaranlar är ýigidi är tanar» diýip, jaýdar belleýşi ýaly, bu gün onuň eserleriniň sarpasy belentde tutulýar. Onuň belli bir döwürlerde «Belli bir galyba sygmaýandygy» sebäpli halk köpçüligine ýetirilmedik şygyrlary çap edilip, halkymyza elýeterli edildi. Diňe bir çap edilmän, eýsem, dünýäniň dürli dillerinde terjime edildi we türkmen halkynyň beýik söz ussady jahanyň ençeme halklaryna tanadyldy.
Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň her bir setiri, her bir bendi uly ylmy işleriň gönezligi, adamzat dünýäsiniň many-mazmuny çuňňur pelsepä ýugrulan goşgularda öz aýdyň beýanyny tapýar. Şahyryň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti hem diýseň uly. Onuň ahlak gatnaşyklary, adamyň gylyk-häsiýetleri, öwüt-ündew, jemgyýetçilik syýasy temadaky şygyrlary ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap terbiýe bermekde mugallymlaryň ýakyn ýardamçysy bolýar. Şahyr watançylyk ruhunda ýazylan şygyrlarynda: «Goç ýigide toýdur-baýram, her iş gelse il biläni» diýmek bilen, mertligi we batyrlygy açyp görkezýär.
Magtymgulynyň arzuwlan binýady berkden guran döwletiniň berkarar bolmagy, halklaryň dost-doganlykda gatnaşmagy şahyryň goşgularynyň esasy özenini düzýär. Bu beýik işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, ýadawsyz zähmeti aýdyň görünýär. «Hakykatdan daş düşen, adalatdan daş düşer, adalatdan daş düşen, dowzah odunda bişer» diýen ýaly pähimleri ýörelge edinen pederlerimiziň şu günki nesillere galdyran ruhy we medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge we ösüp gelýän ýaş nesle öwretmäge, olary aýawly saklamaga, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler bar.
Geçmiş taryhymyzy, medeni mirasymyzy çuňdan öwrenmäge mümkinçilik döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
AÝDOGDYÝEWA Aýgül
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby
Howandar mugallymy: Şajykowa Merjen