10-njy oktýabrda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seljerme berildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlendi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 112,8 göterime deň bolandygyny aýtdy.
Şeýle-de hasabatda bellenilişi ýaly, awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 110,1 göterim we ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda dürli görnüşli sanly hyzmatlaryň 360-dan gowragy ýerleşdirildi, «Bir penjire» ulgamynda bolsa 14 müňden gowrak şahsy otag döredildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak barada görkezme berdi. Şeýle-de ýurtda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek, bu ulgamda hyzmatlaryň ýokary hilli we howpsuz ýerine ýetirilmegini gazanmak, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow «TürkmenÄlem 520E» emeli hemrasyny doly güýjünde peýdalanmak üçin zerur işleri geçirmegiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we «Balkan» gämi gurluşyk-abatlaýyş zawodyny taslama kuwwatyna çykarmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Aýsoltan Berdiýewa
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymy