Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde tamamlanan sambo we söweş sambosy boýunça Aziýanyň açyk kubogy türkmen türgenleri üçin diýseň düşümli boldy.

Ýaryşda söweş sambosyndan güýjüni synan Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aýlar Melikowa 50 kilogram agramda altyn medala eýe boldy.

79 kg agramda sambo boýunça bäsleşen Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Farap etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Begenç Baltaýew kümaş medal gazandy. Söweş sambosyndan 88 kg-e çenli agram derejesinde düşekçä çykan Begenjiň bu görnüşden hem hormat münberiniň ikinji basgançagynda ornaşandygyny bellemelidiris. Şeýlelikde, zehinli ildeşimiz ýurdumyzyň baýrak gaznasyna kümüş medallaryň ikisini getirdi.

Mundan başga-da, Muhammetmyrat Bäbekow 58 kg-de, Annageldi Annasähedow 88 kg-de, Nazar Löllekow 98 kg-den ýokary agramda geçen sambo ýaryşlaryny bürünç medallar bilen jemlediler. Ýusup Taňryberdiýew 58 kg-de, Dawid Awçýan 71 kg-de, Sapar Döwletow 79 kg-de, Annageldi Annasähedow 88 kg-de, Weronika Rus bolsa 54 kg-de söweş sambosyndan guralan bäsleşikleriň bürünç medallaryny gazandylar.

Şeýlelikde, türkmenistanly samboçylar Aziýanyň açyk kubogynyň 11 medalyna eýe boldular. Şolaryň biri altyn, ikisi kümüş, sekizisi bolsa bürünç medallardyr.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman sport toplumlary we desgalary guruldy hem-de yzygiderli ulanylmaga berilýär. Olar ýokary derejedäki iri ýaryşlary, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Netijeli türgenleşikleri alyp barmak we türgenleriň ussatlyk derejesini kämilleşdirmek üçin oňyn şertler döredilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň türgenleriniň dünýäniň sport giňişliklerinde ýokary netijeleri gazanmaklary we mähriban Watanymyzyň sport giňişligindäki abraýyny belende götermekleri üçin zerur tagallalar edilýär. Bu ala­da­la­ryň ne­ti­je­sin­de tür­gen­le­ri­miz gel­jek­de-de Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­na my­na­syp go­şant go­şup, dün­ýä de­re­je­sin­däki ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik ga­za­nyp, tu­gu­my­zy be­lent­de par­lat­ma­ga ruh­lan­ýar­lar.

Hezret Galandarow

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby