Bütindünýä poçta güni(World Post Day) her ýylyň 9-njy oktýabrynda bellenilip geçilýär. Bu gün 1874-nji ýylda Şweýsariýanyň paýtagty Bern şäherinde bolup geçen esasy bütindünýä poçta guramasynyň (BPG) esaslandyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. 1969-njy ýylda Tokioda geçen BPG kongresinde bu senäni Bütindünýä poçta güni diýip her ýylda belläp geçmek makullanyldy.

Bütindünýä poçta gününiň maksady ýurtlaryň sosial-ykdysady ösüşine goşant goşmak we adamlaryň, kompaniýalaryň gündelik durmuşynda poçta ulgamyny propagandirleme wezipesi bilen baglanyşyklydyr.

Beýleki ýurtlardan we ýaşaýjylardan maglumat almak zerurlygy öz köküni gadymyýetiň çuňluklaryndan gaýdýar we ilkibaşda göçüp-gonup ýörenleriň dil üsti bilen getirýän habarlary hem kanagatlandyrypdyr, şeýle hem bu ýazmaça ýa-da simwoliki belgileriň üsti bilen aňladylypdyr. Gadymy Gresiýada,Persiýada, Müsürde,Hytaýda,Rim imperiýasynda poçta aragatnyşygy gowy ýola goýlupdyr. Ýewropada orta asyrlarda dini we ählitaraplaýyn poçtalar döräpdir.

Hünäriň we söwdanyň kämilleşmegi şäherleriň arasyndaky poçtany döredipdir.

1874-nji ýylda döredilen bütindünýä poçta bileleşigi poçta hyzmatynyň bütindünýä dagynyk labirintleriniň birleşmegine ýol açdy we özara hat alyşmak üçin poçta araçäginiň birleşmegini düzgünleşdirdi. Halkara poçtanyň erkin ösmegi üçin päsgelçilikler aradan aýryldy.

Bu günki gün BPG-niň düzümine 192 ýurduň poçta administrasiýasy girýär. Tutuş dünýä boýunça birleşen poçta ulgamynda 650 müň iş orny bolup, onda 5,3 million adam zähmet çekýär. Poçta köp ýurtlaryň jemgyýetçilik hyzmatyny görkezmekde mandat bolup hyzmat edýär.

Süleýman Hangeldiýew