Gyrgyzystan ýurdumyzdan 1,5 milliard kWt/s mukdarda elektrik energiýasyny import eder. Bu barada Gyrgyzystanyň energetika ministri Taalaýbek Ibraýew metbugat ýygnagynda mälim etdi.

Gyrgyzystanyň energetika ministri, ýurtda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň geçen ýylkydan 1,4 milliard kWt sagat azdygyny, şol sebäpli-de elektrik toguny import etmegiň meýilleşdirilendigini, häzirki wagtda Türkmenistan bilen 2 şertnama gol çekilendigini, olara laýyklykda, Türkmenistandan 1,5 milliard kWt/s mukdarda elektrik energiýasy getirmek barada ylalaşylyp, onuň 725,4 million kWt elektrik energiýasynyň eýýäm alnandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ibraýew Mundan başga-da, ministr 1300 million kub metr mukdarda türkmen gazynyň importy hakynda ylalaşylandygyny, onuňam 1101,6 million kub metriniň eýýäm alnandygyny mälim etdi.

Taalaýbek Ibraýew: «Şeýle hem, häzirki wagtda Özbegistanyň we Türkmenistanyň energetika ulgamlarynyň arasynda elektrik üpjünçiligi barada ozal ylalaşylan şertnamalaryň çäginde meýilleşdirilen mukdar üpjünçilik meýilnamalaryna laýyklykda doly üpjün edilýär. Şu güne çenli elektrik energiýasynyň importynyň mukdary 1,8 milliard kWt boldy. Umuman alanyňda, häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň energiýa ulgamlaryndan 2,3 milliard kWt sagat import edildi» — diýip, belledi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Gyrgyzystanda 2021-nji ýylda 10,7 milliard kWt sagat elektrik energiýasy öndürildi. 2022-nji ýylyň 9 aýynda bolsa 9,3 milliard kWt elektrik energiýasy öndürilip, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 1,4 milliard kWt sagat azdyr.

Ogulkeýik KAKABAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
himiýa tehnologiýasy taýýarlyk ugrynyň
2-nji ýyllyk talyby.