BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň dowamynda Gruziýa 2023 – 2025-nji ýyllar üçin Adam hukuklary boýunça geňeşiň agzalygyna saýlandy. Bu barada respublikanyň DIM-niň başlygy Ilýa Darçiaşwili habar berdi diýip, TASS belleýär.
“Men Gruziýany 2023 – 2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen gutlaýaryn. Bu ýurdumyzyň möhüm üstünligi bolup, bize Gruziýanyň adam hukuklary boýunça esasy gymmatlyklara ygrarlydygyny tassyklamaga we olaryň goragyny global derejede üpjün etmekde işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär” – diýip, Darçiaşwili Facebook-da ýazdy.
Ol respublikany saýlanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirip, beýleki ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda tutuş dünýä boýunça adam hukuklaryny goramagyň hilini kämilleşdirmegiň üstünde işlejekdigini belledi.
Gruziýa eýýäm ikinji gezek BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň agzasy bolýar. Respublika bu edara üç ýyl möhlet bilen ilkinji gezek 2016-njy ýylda saýlandy.

RU












