Gyrgyzystan BMG-niň 126 agza döwletiniň goldawyna eýe bolup, 2023 – 2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşine saýlandy. Bu barada respublikanyň DIM-i habar berdi diýip, TASS belleýär.
“2022-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Gyrgyzystan Respublikasy BMG-niň 126 agza döwletiniň goldawyna eýe bolup, 2023 – 2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşine saýlawlarda ýeňiş gazandy” – diýlip, habarda aýdylýar.
Metbugat gullugynyň maglumatlaryna görä, Aziýa toparyndan alty döwlet 2023 – 2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşindäki dört orun üçin göreşdi – bular Gyrgyzystan, Owganystan, Bangladeş, Wýetnam, Maldiwler we Günorta Koreýa.
“Gyrgyzystan Respublikasynyň şeýle abraýly halkara guramasyna ýene saýlanmagy ýurduň adam hukuklary boýunça gazanan üstünlikleriniň we onuň azatlygyň hem demokratiki ösüşiň esasy bolup durýan adam hukuklaryny goramak we ilerletmek boýunça global kampaniýa geljekki goşandynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegini aňladýar” – diýip, metbugat gullugy belleýär.

RU












