Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän her bir işde halkymyzyň nurana geljeginiň, ata Watanymyzyň depginli ösüşiniň bähbidi bar. Paýtagtymyz Aşgabadyň hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň keşbini özgerdip, görküne görk goşýan täze binalardyr medeni merkezler, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary, senagat kärhanalary, şypahanalar, bilim ojaklary yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär.
Gurulýan binadyr desgalar milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelip, olar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny ýeňilleşdirýän ähli amatlyklar we ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli hem-de uzak möhletleýin bolmagyna aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň dürli künjeginde döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurulýar. Şonuň netijesinde müňlerçe maşgalalar ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýynyň eýeleri bolýarlar. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň düzüminde gurulýan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary hem özüniň amatlyklary, binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Döwrebap şäherde gurulýan 5 gatly 30 öýli ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdany 5 müň 816 inedördül metr bolup, bu jaýda 3 girelge we her girelgede lift ýerleşdiriler. Şeýle hem ýaşaýyş jaýynyň düzüminde 2 otagly öýleriň 5-si, 3 otagly öýleriň 10-sy, 4 otagly öýleriň 10-sy we 5 otagly öýleriň 5-si bolar.
Şeýle-de bu ýerde guruljak, umumy meýdany 6 müň 640 inedördül metr bolan 5 gatly 40 öýli ýaşaýyş jaýynda 4 girelge bolup, her girelgede lift goýlar. Bu ýaşaýyş jaýy 2 otagly öýden 10-syny, 3 otagly öýden 20-sini we 4 otagly öýden 10-syny özünde jemleýär. Jaýlaryň her biri ýyladyjy we sowadyjy ulgamlar bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerde myhman otagy we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen aşhana hem ýerleşdiriler. Merkeziň düzüminde gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlar şähergurluşygyň we häzirki zaman binagärligiň öňdebaryjy talaplaryna doly laýyk gelmek bilen, ýaşaýjylar üçin zerur bolan ähli amatlyklary we gündelik durmuşda gerekli hyzmatlaryň ýokary derejesini özünde jemleýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerlerinde açyk awtoduralgalar, çagalar üçin oýun meýdançalary, sadaka jaýy, sport meýdançalary hem gurlar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden belleniljek baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk toýuna gabatlanyp ulanylmaga beriljek Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň aýdyň mysalydyr.
Lebapbeg PIRJANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň talyby

RU












