15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwümine taýýarlyk işlerini we bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleri batly depginlerde dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp barylýan gurluşyklaryň köptaraply häsiýeti we onuň täzeçil usullary Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyklarynda öz beýanyny tapýar.
Şu gün ir bilen ýurdumyzyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy täze häzirki zaman şähergurluşyk taslamasynyň amala aşyrylýan ýeri bolan Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurulýan ýerine geldi. Bu ýerde welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşylap, merkeziň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply gurluşyk işleri barada giňişleýin maglumat berdiler.
Gahryman Arkadagymyz ilki bilen köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazarda tutup, bu ähmiýetli ekologiýa çäresine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi merkeziň çäginde amatly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirer. Şunda merkeziň daş töweregi, Saglyk ýolunyň we ulag ýollarynyň gyralary bagy-bossanlyga bürelmelidir.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň alyp barýan işleri, olaryň häzirki zaman tejribesinden we täzeçil usullardan peýdalanylyşy barada giňişleýin hasabat berildi.
Baýram Durdyýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

RU












